JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa bolan resmi saparynyň çäginde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň duşuşygy boldy.

N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we konstruktiw hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, BMG-niň çägindäki üstünlikli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gepleşikleri çuňlaşdyrmakda we ýurtlaryň arasyndaky ynamy berkitmekde ýokary derejeli saparlaryň esasy orny aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklary saklamaga, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Aşgabat 2028-nji ýylda yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolup biler