JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Pakistanyň Premýer-ministri Muhammet Şahbaz Şarif 2026-njy ýylyň 21-nji martynda Oraza baýramy mynasybetli telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler diýip, Premýer-ministriň edarasy habar berýär.

Premýer-ministr Türkmenistanyň Prezidentine, ýurduň ýolbaşçylaryna we doganlyk türkmen halkyna Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny ýollady. Türkmenistanyň Prezidenti hem öz gezeginde Pakistanyğ halkyna iň gowy arzuwlaryny bildirdi.

Taraplar Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn depginine kanagatlanma bildirdiler we özara bähbitli ähli ugurlarda, aýratyn-da söwda, energetika, ulag üpjünçiligi hem-de sebit ösüşi ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga bolan ygrarlylyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem olar häzirki sebit başlangyçlarynyň çäginde, esasan hem özara bähbitli taslamalary ilerletmekde gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Related posts

Buraw gämisi çuňluk rekordyny goýdy

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty başlady

Aşkabat’tan Duşanbe’ye uzanan kültür treni

vepa