JEMGYÝET

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan maý aýynda Bakuda geçiriljek Bütindünýä şäher forumynyň 13-nji mejlisine (World Urban Forum – WUF13) ýokary derejede gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow «Report» agentligine beren interwýusynda mälim etdi.

Ilçi WUF13 forumynyň durnukly şäher ösüşiniň ähliumumy gün tertibini ilerletmekde we häzirki zaman şäher ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi.

«Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ilat üçin oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek meselelerine ileri tutulýan ähmiýet berilýär. Amatly, döwrebap we howpsuz şäher gurşawyny kemala getirmek döwlet şäher gurluşyk syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurduň paýtagty Aşgabat şäheri, şeýle hem şäher düzümini meýilleşdirmekde toplumlaýyn çemeleşmäni we okgunly ösüşi görkezýän Arkadag şäheri bu ugruň aýdyň subutnamasydyr» diýip, ilçi belledi.

Bellik: WUF13 forumy 2026-njy ýylyň 17-22-nji maýy aralygynda Bakuda geçiriler.

Ýene-de okaň

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar