JEMGYÝET

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki döwrebap «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda Türkmenistanyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri tarapyndan täsirli çykyşlar görkezildi.

Çykyş wagtynda türkmen artistleri tomaşaçylara milli atly oýunlaryň elementlerini, şeýle hem meşhur ahalteke bedewleriniň üstünde ýerine ýetirilen çylşyrymly akrobatik hereketleri we jigitçilik sungatynyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Adam bilen bedewiň sazlaşykly hereketi, ahalteke atlarynyň gözelligi we ýyndamlygy tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary halkara derejesinde giňden tanalyp, Monte-Karloda geçirilen abraýly Halkara sirk festiwalynyň Baş baýragynyň eýesidir. Bu bolsa türkmen artistleriniň ýokary ussatlygyny hem-de olaryň dünýä sirk sungatynyň ösüşine goşýan goşandyny aýdyň görkezýär.

Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda dürli sirk žanrlarynyň artistleriniň çykyşlary görkezilip, tomaşa baý we täsirli mazmuna eýe boldy. Tomaşaçylar türkmen artistleriniň bu çykyşlaryny uly gyzyklanma we dowamly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.

«Circus Sea Breeze» arenasyndaky çykyş «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Azerbaýjan döwletindäki çykyşlarynyň dowamydyr. Garaşylyşy ýaly, türkmen artistleri ýakyn günlerde hem tomaşaçylary özleriniň täsirli çykyşlary bilen begendirmegi dowam etdirerler we olaryň ýokary ussatlygy 30-njy marta çenli giň tomaşaçylar köpçüligine hödürlener.

Şeýle medeni çäreler Türkmenistan bilen Azerbaýjan döwletleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk halklaryň özara düşünişmegini berkitmekde hem-de medeni gymmatlyklary özara baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Ýene-de okaň

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär