SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2026;Hepdelik täleýnama (16-22-nji mart)

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Siziň üçin bu hepdede hemme zat örän şowly bolar. Bu wagt Hamallar üçin  okuwa başlamak, döredijilik taslamasyna girişmek ýa-da köpden bäri yza süýşürilip gelýän şahsy başlangyçlaryny  amala aşyrmak üçin  amatly wagt.Işde dogruçyl boluň. Gepleşiklerde hiç hili hilelere we mekir tilsimlere ýüz urmaň  häzirki wagtda diňe açyklyk we göni sözlülik hormat hem-de real netije getirer. Eger öňüňizde barlaglar ýa-da resmi işler bar bolsa, öňünden taýýarlyk görüň: resminamalardaky tertip-düzgün siziň peýdaňyza bolar.Şeýle hem özüňiz hemme zady bilýän hem bolsaňyz, uly we tejribeli adamlaryň maslahatyna gulak asyň. Häzirki wagtda öňki  hyzmatdaşlar täze tanyşlardan has gymmatlydyr olar bilen gatnaşygy saklaň. Pul meselelerinde bolsa, aýdyňlyk we takyklyk bolan ýerinde bu hepde gowy netijeleri  wada berýär. Emma duýdansyz çykdajylardan hem  gaça durmak maslahat berilýär.Hepdäniň ahyrynda şahsy durmuşyňyzda duýgularyňyzy beýan etmek isleýärsiňiz we bu örän dogry ädimdir. Siziň mähirli sözleriňiz garşydaşyňyzdan hem ýyly jogap alar, ýakynlaşmak aňsat we tebigy bolar. Ähli zatda açyk hereket ediň.Dogruçyllyk häzirki wagtda islendik strategiýada has gowy işleýär.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Siziň güýç-kuwwatyňyz ýeterlik  wezipeleri çözýär we hepdäniň birinji ýarymy  sizi netijeleri bilen begendirýär. Bu mümkinçilikden  peýdalanyň ünsi jemlemegi we tagalla etmegi talap edýän işlere wagtyňyzy beriň.Hepdäniň ortalaryna dynç almaga we asudalyga bolan zerurlyk dörär bu adaty ýagdaýdyr, özüňize zor salmaň.Ýöne täze tanyşlara maglumat bereniňizde seresap boluň. Wepaly dostlar we köne kärdeşler bu hepde siziň ygtybarly daýanjyňyz bolar. Şeýle hem topparlaýyn işler ýekelikdäki işlerden has şowly bolar we bilelikdäki işlerden  ýüz öwürmäň. Maliýe kararlaryny, aýratyn-da uly göwrümli çykdajylary ýakynlaryňyz bilen maslahatlaşandan soň kabul etseňiz, ýalňyşlyklaryň öňüni alarsyňyz. Býujetiňiz durnukly bolar emma çykdajylaryňyzy  gözegçilikde saklaň.Hepdäniň ahyrynda täze söýgi gatnaşyklarynyň döremegi ähtimal, iş gurşawy bolsa birden garaşylmadyk duýgularyň çeşmesine öwrülip biler.

Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu hepde Jöwzalar üçin täze mümkinçilikleriň we gyzykly duşuşyklaryň wagty bolup biler. Hepdäniň ilkinji günlerinde iş we şahsy durmuş bilen bagly birnäçe möhüm meseleleriň çözgüdini tapmak mümkin. Siz öňden bäri pikirlenip ýören meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň döremegine şaýat bolup bilersiňiz. Iş ýerinde döredijilikli çemeleşme we täze pikirler ýolbaşçylygyň ünsüni çekip biler.
Hepdäniň ortalarynda maliýe meselelerine aýratyn üns bermek maslahat berilýär. Gereksiz çykdajylardan gaça durmak we öňünden meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmek size peýda getirer. Şeýle hem täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri peýda bolup biler, şonuň üçin gepleşiklerde paýhasly we sabyrly bolmak möhümdir.Hepdäniň soňky günleri bolsa maşgala we ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyklary berkitmek üçin amatly bolar. Dostlar bilen duşuşyklar ýa-da kiçijik syýahat ruhy taýdan dynç almaga kömek edip biler. Şeýle hem bu döwürde öz saglygyňyza we dynç alyşyňyza üns bermek maslahat berilýär.Umuman alanyňda, bu hepde Jöwzalar üçin mümkinçilikleriň we täze başlangyçlaryň döwri bolup biler. Sabyrlylyk, paýhas we oňyn garaýyş üstünlik gazanmaga kömek eder.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu hepde  gapma-garşylykly, ýöne gyzykly bolar. Täze wezipeler we jogapkärçilikler birden üstüňize düşüp biler. Ilkinji reaksiýaňyz aljyraňňylyk we ýagdaýa bolan gözegçiligi ýitirmek ýaly bolup biler. Bu duýgulara ýol bermäň: her bir täze wezipäniň arkasynda täze bir mümkinçilik ýatandyr. Siz muny başgalardan has  gowy bilýärsiňiz.Töweregiňizdakileriň goldawna dälde ilki bilen özüňize bil baglaň.Hepdäniň ortalarynda puluňyzy tygşytlaň. Girdejiler siziň paýhasyňyza bagly bolar: duýgy esasynda çykdajy etmeseňiz, maliýe ýagdaýyňyz durnukly galar. Şahsy durmuşyňyzda duýgularyň döremegine  we  söýgi gatnaşyklaryňyzyň has-da berkemegi ähtimal.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Sabyrlylyk we özüňizi  saklamagy başarmak bu hepde siziň üçin iň gowy mümkinçilikleri açar. Belki bu birneme ýürekgysgyç ýaly görünýändir? Ýöne bu hiç beýle däl. Iş ýeriňizde  täze okuw taslamalary, täze hyzmatdaşlyklar we karýera mümkinçilikleri dörär. Hepdäniň ikinji ýarymy tekliplerden örän baý bolar ýöne siz çalt we  oýlanyşykly jogap bermäge taýyn boluň.Şeýle hem maşgalaňyza  uly üns beriň açyk söhbetdeşlik islendik meýilnamadan has köp ýakynlaşdyrýar. Wajyp gepleşikler üçin amatly pursat saýlaň howlukmaň  her bir sözi ölçerip aýdyň.Gündelik durmuşyňyzda  seresaply boluň. Bu uly maslahat ýaly görünmese-de häzirki wagtda ünsüňiziň sowulmagy sebäpli goşmaça kynçylyklary  döretmezlik wajypdyr. Hepdäniň ahyry maliýe taýdan  durnukly bolar we dynç günleri  bolsa garaşylmadyk ýakymly sowgatlar ýa-da garaşylmadyk ýerden pul gelip biler.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Hepdäniň başy  işleriňizi tamamlamak üçin amatly wagtdyr. Köpden bäri bitirip bilmän ýören ownuk işleriňizi   taslamalaryňyzy bu gün  bitirip bilersiňiz. Häzirki wagtda bu işleriňizi  örän aňsat we çalt amala aşyrarsyňyz. Hepdäniň başynda wajyp kararlar kabul etmäň  ýagdaý biraz doly aýdyňlaşýança garaşyň. Çykdajylaryňyzy diňe  zerur zatlar bilen çäklendiriň. Işdäki we şahsy durmuşyňyzdaky islendik üýtgeşmeleri ynanýan  adamlaryňyz  bilen maslahatlaşyň. Olar bilen edilen maslahatlar ýeke başyňyza görüp bilmejek ýalňyşlyklaryňyzyň öňüni almaga kömek eder.Hepdäniň ahyrynda  gowy habarlary  alarsyňyz. Býujetiňiz durnukly bolar, amatly söwdalar üçin mümkinçilik dörär. Şahsy durmuşyňyzda gyzykly tanyşlyklara we hakyky duýgulara garaşylýar. Hepdäniň başynda meýilnamaňyzdaky artykmaç zatlary aýyryň we dynç günlerine geljek gowy zatlar üçin ýer açyň.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu hepdäniň esasy guraly  tertip-düzgün we özüňe erk etmekdir. Işler köp bolar ýagdaýlar sizi howlukmaga mejbur eder, emma bu ýerde gorka we howsala düşmezlik wajypdyr. Bir az diňe  ileri tutulýan işleri kesgitläň we her gezekde diňe bir iş bilen meşgullanyň. Hut şu usul size garaşýan  netijäňizi  getirer.Şeýle hem özüňize garşy dogruçyl boluň bu başgalaryň gözünde gowy görünmekden has wajypdyr. Artykmaç satyn almalardan saklanyň, karz bermäň we kredit almaň. Maliýe durnuklylygy häzirki wagtda howlukman, akylly hereket etmegiňize baglydyr.Adamlar bilen umumy maksat bar ýerinde birleşiň we ownuk-uşak dawalar üçin nerwiňizi sarp etmäň. Köp ownuk düşünişmezlikler diňe açyk gepleşik arkaly çözülip bilner ilkinji ädimi ätmäge gorkmaň.Hepdäniň ahyrynda şahsy durmuşyňyzda täzelik we sazlaşyk garaşylýar. Ýanyňyzdaky adamlar garaşylmadyk tarapdan özlerini görkezip bilerler we bu ýakymly täzelik bolar. Saglygyňyza üns beriň ýadawlyk alamatlaryna göz ýummaň, özüňize ýeterlik dynç beriň.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu hepde siziň energiýaňyz diýseň ýokary bolar. Bu döwür toparlaýyn işlemek, maliýe üstünlikleri we adamlar bilen işjeň gatnaşyk gurmak üçin amatlydyr. Bu  wagt güýç-kuwwatyňyzy  işe gönükdiriň we  netijeleri sizi köp garaşdyrmaz.Ylalaşyklarda we pul meselelerinde diňe anyk şertleri goýuň. Şeýle hem  ähli zady ýazuw üsti bilen belläň we öňünden maslahatlaşyň. Toparyň içinde başgalaryň duýgularyna aldanmaň kararlary kimdir biriniň erbet keýpine görä däl-de, diňe faktlara we umumy maslahatlara esaslanyp kabul ediň.Täze işewürlik gatnaşyklary bu hepde örän geljegi uly bolup biler. Bilelikdäki taslamalar ýekelikde edilýän agyr işden has gowy netijeleri berer.Uly möçberli pul goýmazdan ýa-da söwda etmezden öň, şertnamanyň howpsuzdygyna göz ýetiriň.Hepdäniň ahyrynda  şahsy durmuşyňyzda gyzykly wakalar bolar: dostluk gatnaşygy has uly duýga öwrülip biler, iş gurşawy bolsa hakyky gyzgyn söýgi gatnaşyklarynyň başlangyjy bolup biler. Töweregiňizdäki adamlara maýa goýuň olara üns beriň, toparyňyzy goldaň, ýanyňyzdaky adamlaryň gadyryny biliň. Hut şu zatlar häzirki wagtda iň uly netijäni berer.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Kyn pursatlar we şatlykly wakalar biri-birini çalşar  bu hepdäniň häsiýeti şeýle bolar. Bu ritmi zor bilen üýtgetmäge çalşmaň. Her güni bolşy ýaly kabul ediň we wakalary gysgaltmaň.Bu wagt  maliýe ýagdaýyňyz seresaplygy talap edýär.Emma dynç günlerine golaý pul ýagdaýyňyz gowulaşar  we  şonda özüňiz üçin ýakymly bir zat satyn alyp bilersiňiz. Dostlaryňyzdan maslahat soraň, maşgalaňyzyň goldawyny kabul ediň häzir bu size gerek bolar.Maşgalaňyz we ýakynlaryňyz bilen geçirilen wagt bu hepde aýratyn gymmatlydyr. Bilelikde dynç almak, maşgala agşamy ýa-da bilelikde gezelenç etmek  bularyň hemmesi size güýç berer.Hepdäniň ahyrynda size kiçijik, ýöne ýakymly garaşylmadyk sowgat garaşýar. Şeýle hem söýgi gatnaşyklaryňyzda  hem oňyn üýtgeşmeler bolar: täze bir gyzyklanma dörär ýa-da bar bolan gatnaşyklaryňyz has-da sazlaşar. Sabyrlylyga bil baglaň. Bu hepde sabyr etmegi başarýan we öz pursadyna garaşýan adamlary sylaglar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Bu hepde netijeli we wakalara baý bolar. Amaly wezipeler köp bolar, kärdeşleriňiz we tanyşlaryňyzyň arasynda abraýyňyz ep-esli artar bu bolsa size ýakymly täsir eder. Ünsüňizi jemgyýetçilik gatnaşyklaryna we toparlaýyn işe gönükdiriň.Şeýle hem  işde duýgularyňyzy gözegçilikde saklaň.. Emma wajyp duýgularyňyzy hem gizlemäň diňe olary amatly wagtda we degişli adam bilen maslahatlaşyň.Hepdäniň ahyrynda maliýe taýdan sizi  begendirer.  Şahsy durmuşyňyzda açyk bolmakdan gorkmaň. Kärdeşleriňiziň arasynda size romantik taýdan gyzyklanma bildirýän adamlar  peýda bolup biler. Bitiren işleriňiz barada aýtmakdan çekinmäň. Häzirki wagtda özüňize mynasyp bahany bermegiň wagty geldi.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Bu hepde  durmuşyňyzda peýda bolýan adamlara ünsli boluň: olaryň arasynda durmuşyň dürli ugurlarynda uly öňegidişlikleri gazanmaga kömek etjek hyzmatdaşlar bolup biler.Häzirki wagtda ylham diňe logikadan pes işleýän däldir oňa ynanyň. Ýöne şol bir wagtyň özünde başgalaryň basyşyna ýol bermäň. Ähli wajyp kararlary ýagdaýa öz düşünjeňize esaslanyp, özbaşdak kabul ediň. Dostlar we pikirdeşler bilen hyzmatdaşlyk sizi täze hünär derejesine çykarar.Şeýle hem bu hepde wakalardan baý bolar: duşuşyklar  geljegi uly taslamalar öz boluşly ideýalar bularyň hemmesi örän gyzykly işewürligi emele getirer. Standart däl ýaly görünýän tekliplerden ýüz öwürmäň köplenç hut şolaryň içinde iň gyzykly mümkinçilikler gizlenendir.Maliýe taýdan hepde gowy tamamlanar. Hyzmatdaşlyk taslamalary we söwdalar dynç günlerine golaý netije berer. Şahsy durmuşyňyzda gyzykly flirt, garaşylmadyk gyzyklanmalar we dostlugyň söýgä öwrülmegi garaşylýar. Hepdäni siziň üçin wajyp bolan bir anyk ädimden başlaň. Hut ilkinji ädim ähli işleriň gidişini kesgitleýär.

Hut (balyk 21.02 – 20.03)

Gyzykly iş duşuşyklary we täze uzak möhletleýin meýilnamalar bilen doly işjeň hepde. Öz pozisiýaňyzy goramaly bolarsyňyz bu adaty ýagdaýdyr. Esasy zat, muny berk, ýöne artykmaç gaharsyz amala aşyryň.Şübheli tekliplerden aýratyn-da maliýe meselelerinden gaça duruň. Eger bir zat siz üçin aşa gowy görünýän bolsa, onda hakykatdan hem şeýledir. Hyzmatdaşlary diňe ynanýan adamlaryňyzyň arasyndan saýlaň. Özüňiz işleriňizi  tamamlamakdan gorkmaň siz hökman has gowy zatlar üçin ýol açarsyňyz.Bu hepdäniň aýdyň täsirleri başlangyçlar arkaly geler  siziň ýa-da töweregiňizdäki adamlaryň başlangyjy bilen. Hemme zadyň öz-özünden bolmagyna garaşyp oturmaň: çekinmän ilkinji ädimi ädiň.Girdejiler siziň tutanýerliligiňize gönüden-göni bagly bolar: hereket edýänler netije alarlar. Uly söwdalary hepdäniň ortasyndan, ýagdaý has aýdyňlaşandan soň amala aşyrmak gowudyr. Şahsy durmuşyňyzda iş ýerindäki söýgi gatnaşygy ýa-da tanyşlaryňyzyň arasynda dörän hakyky wakalaryň joşgunly bolmagy mümkin.

Ýene-de okaň

16-njy Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

13-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

11-nji Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

10-njy Mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri