Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça geçirilýän sala-salyşlyk üçin ses bermek başlandy. Respublikanyň çägindäki uçastoklaryň esasy bölegi ýerli wagt bilen sagat 07:00-da açyldy we olaryň sagat 20:00-a çenli işlejekdigi meýilleşdirilýär.
Mundan ozal Sala-salyşlyk baradaky merkezi topar ilkinji uçastoklaryň Gazagystanyň Ýaponiýadaky diplomatik wekilhanasynyň çäginde açyljakdygyny habar beripdi. Respublikada birnäçe ýörite uçastok, hususan-da harby bölümleriň çägindäki nokatlar sagat 06:00-da işe başlady.
Sala-salyşlykda ses berilýän güni 10 müňden gowrak saýlaw uçastogy işlär, şol sanda daşary ýurtlarda — Gazagystanyň ilçihanalarynyň we konsullyklarynyň ýanynda 54 döwletde 71 uçastok açyldy.
Eger saýlawçylaryň sanawyna girizilenleriň hemmesi ses berip gutarsa, daşary ýurtlardaky uçastoklar işini sagat 20:00-dan öň hem bes edip bilerler. Ýurduň içinde we daşary ýurtlarda jemi 12,4 milliondan gowrak adam sanawa girizildi.

Şu wagtky ýagdaýa görä, ýurtda 1995-nji ýylyň 30-njy awgustynda kabul edilen we iň soňky üýtgetmeleri 2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda güýje giren konstitusiýa hereket edýär.
2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Gazagystanyň halkyna ýüzlenip eden ýyllyk çykyşynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew häzirki iki palataly parlamenti bir palataly parlamente öwürmek başlangyjyny öňe sürdi.
2026-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Milli gurultaýyň (geňeş-maslahat edarasy) mejlisinde Tokaýew şeýle-de ýurtda wise-prezident wezipesini girizmegi, maslahat edaralaryny reformirlemegi, konstitusiýanyň sözbaşysyny üýtgetmegi we başga-da birnäçe düzedişleri girizmegi teklip edipdi.
