Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 3-5-nji marty aralygynda, Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen «ITB Berlin – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar.
«ITB Berlin» – dünýädäki iň iri sergi bolup, oňa her ýyl ýüzlerçe ýurtlardan 10000 golaý adam gatnaşýar. Bu sergi syýahatçylyk pudagynyň soňky gazananlaryny, tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny görkezmek, şeýle hem işewürlik duşuşyklaryny geçirmek, syýahatçylyk pudagynda täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdança hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanda häzirki döwürde syýahatçylyk işini döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berlip, geljegi uly pudak hökmünde ösdürilýär. Türkmenistanyň gözel ýerleri, milli we medeni-taryhy gymmatlyklary özünde jemleýän muzeýleri, taryhy ýadygärlikleri özboluşlylygy hem-de milliligi bilen dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Bular halkara derejesinde geçirilýän çärelerde giňden mahabatlandyrylýar.
