DÜNÝÄ

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Türkmenistan we Hytaý Pekinde bilelikdäki restoran taslamasyny döretmek boýunça işjeň gepleşikleri we taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Bu başlangyç türkmen halkynyň baý kulinar däplerini wagyz etmäge hem-de ýurtlaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir.  Bu barada Habarlar merkezi habar berýär.

Häzirki wagtda taraplar edaranyň konsepsiýasyny we Hytaýyň paýtagtynda amatly ýeri saýlap almagy maslahatlaşýarlar. Tagamnamada milli aşhananyň nusgawy tagamlaryny goşmak meýilleşdirilýär.

Restoranyň içki bezegi milli ähenleri ulanmak bilen ýerine ýetiriler. Täze gastromiki desgasy Pekiniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Türkmenistanyň mirasy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.

Related posts

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Bakuda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler