BIZNES

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan degişli infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär