DÜNÝÄ

Ilkinji ýokary derejeli “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler

Şu ýylyň 16–17-nji sentýabrynda Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji gezek Döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sammit geçiriler. Sammitiň geçiriljek seneleri barada Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço Hýon penşenbe güni Seulda geçirilen taýýarlyk maslahatynda habar berdi.

“Yonhap” agentliginiň habar bermegine görä, duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Döwlet ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öňde boljak duşuşygyň Günorta Koreýanyň diplomatik mümkinçiliklerini giňeltmekde we Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi.

Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň aýtmagyna görä, sammitiň formady ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle hem üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýa etmek we sebit ýurtlarynda ýaşaýan koreý milletine degişli jemgyýetlere goldawy has netijeli guramak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň esaslaryny döretmäge giň mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi