Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okyjylar! Size tutuş 2026-ny ýylyň Fewral aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Fewral aýynyň başyny mümkin boldugyça netijeli peýdalanmaga çalyşyň. Bu döwür hünär taýdan ösüş mümkinçiliklerini açar, aýratyn-da başga adamlaryň işini guramak ýa-da dolandyryş meseleleri bilen meşgullanýanlar üçin amatly bolar. Käbir Hamallar hyzmatdaşlyk boýunça gyzykly teklipleri alyp bilerler we girdejilerini ep-esli artdyrmaga mümkinçiligi bolar. Elbetde, pul asmandan inmez, borçlar hem artar, ýöne siz olar bilen tiz wagtda baş alyp çykyp bilersiňiz.Aýyň ikinji ýarymynda işjeňlik peseler. Bu aýratyn-da kiçi biznes bilen meşgullanýan Hamal telekeçileri üçin kynçylyk döredip biler: girdejiler azalyp biler, bäsdeşlere käbir ugurlarda ýol bermegiňiz mümkin. Şeýle ýagdaýda ýanyňyzda goldaw berýän, ruhlandyrýan adamlaryň bolmagy örän möhümdir.Şahsy gatnaşyklarda fewral aňsat bolmaz. Siz duýgularyňyza has çuňňur aralaşyp, pikirleriňizi ýakynlaryňyz bilen paýlaşmazlygyňyz mümkin. Daşky sowuklylygyňyz ýakyn adamlaryňyza agyr degip biler. Şonuň üçin olara has köp üns beriň.Saglyk ýagdaýyňyz umuman ýokary derejede bolar. Bu aý peýdaly endikleri kem-kemden durmuşyňyza girizmek üçin amatlydyr. Ýöne aşa ýüklenmekden saklanyň.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Fewralyň ilkinji ýarymy dartgynly we ýadaw bolup biler. Bir wagtda birnäçe meselä üns bermeli bolarsyňyz. Öň düzülen meýilnamalary saklamak kyn bolar, ileri tutulýan ugurlar birnäçe gezek üýtgäp biler. Gaty berk çäklerde özüňizi saklamazlyga, çeýeligi artdyrmaga çalyşyň bu güýçleriňizi tygşytlar.Hatda güýçli Sowurlar hem saglygyny goramaly. Ýeňil näsazlyklary hem äsgermezlik etmeli däl, zerur bolsa lukmana ýüz tutuň.
Aýyň ikinji ýarymy has rahat geçer. Maliýe ýagdaýyňyz gowulaşyp biler, garaşylmadyk pul gelip biler ýa-da ýakyn wagtda girdeji boljakdygy barada habar alyp bilersiňiz.Şahsy gatnaşyklarda sazlaşyk höküm sürer, öňki öýke-kineler unudylar.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Fewralyň başynda size dürli adamlar kömek eder köne tanyşlar hem täze duşuşanlaryňyz hem. Bu toparlaýyn işlemek, hyzmatdaşlygy başlatmak üçin amatly döwürdir. Maşgala gatnaşyklaryny hem gowulandyrmak mümkin.Şeýle hem jemgyýetçilik durmuşy işjeňleşer. Gyzykly çäreler, täze tanyşlyklar bolar. Ýöne dynç almagy unutmaň, ýogsa ukusyzlyk ýa-da kelle agyrylary ýüze çykyp biler.Aýyň ikinji ýarymy asuda işlere laýykdyr. Okuwa başlamak, döredijilik işi, möhüm gepleşikler üçin amatly wagt. Şeýle hem intuisiýaňyz güýçli bolar.Saglyk ýagdaýyňyz gowulaşar, güýç-kuwwat artar.
.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Fewralda oňyn täsirler agdyklyk eder, aýratyn-da iş ugrunda. Hünär taýdan ösüş mümkinçilikleri açylar. Wagtynda dogry ädim ätmek möhümdir. Öňki üstünlikleriňizi ýadyňyza salyň bu size ynam berer.Maliýe ýagdaýyňyz ortaça amatly bolar. Girdejileri birneme artdyrmak mümkinçiligi bar.Ýakynlaryňyzdan zerur wagty goldaw alarsyňyz. Ýöne romantika ýetmezçiligi duýulyp biler, şonuň üçin söýgüliňiz bilen has köp wagt geçiriň.Saglyk ýagdaýy gowy bolar, diňe orta ýaşly Seretanlar fewral ortasynda ýüküni azaltmalydyrlar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Fewralda köp iş etmeli bolarsyňyz. Hünär üstünlikleri maliýe taýdan hem sylaglanar. Işewürleriň arasynda täze tanyşlyklar peýda bolar. Ikinji ýarymda durnukly ösüş başlanar.Şahsy gatnaşyklarda ikirjiňlenmeler bolup biler. Duýgularyňyzy gowy seljermeli, howlukmaç karar bermeli däldir.Aýyň ahyrynda aşa ýüklenme saglygyňyza täsir edip biler. Özbaşdak bejergiden saklanyň, zerur bolsa lukmana ýüz tutuň.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Fewral aýyna bir manyda baha bermek kyn bolar. Energiýa kuwwatyňyz ýokary derejede bolar, şonuň üçin durmuşyň ähli ugurlarynda işjeň hereket edip bilersiňiz. Ýöne howlukmazlyk, özüňiz üçin amatly depgini saýlamak möhümdir. Dogry hereket etseňiz, öz ornuňyzy has-da berkidip, ýagdaýy gowy tarapa üýtgedip bilersiňiz.Ilki bilen şahsy gatnaşyklara üns bermek maslahat berilýär. Fewralyň başynda möhüm wakalar bolup biler. Täze tanyşlyklara açyk bolan Sünbüleler ykbal ähmiýetli duşuşyklara garaşyp bilerler. Söýgi gatnaşyklarynda bolanlar bile ýaşamaga başlamak ýa-da nikä girmek üçin amatly döwrüň gelendigini duýup bilerler. Gatnaşyklaryndan nägile bolanlar bolsa, dowam etdirmelimi ýa-da ýok diýen sowala anyk jogap tapyp, karar kabul edenden soň özlerini has ýeňil we ynamly duýarlar.Aýyň ikinji ýarymynda esasy üns iş we hünär ugruna gönükdirilmeli bolar. Uzak wagt bäri garaşylan wakalar bolup biler. Mysal üçin, öňki ýolbaşçynyň ýerine täze ýolbaşçy gelip, siziň zähmetiňize ýokary baha berip biler. Girdejiler artmagy mümkin, aýratyn-da biznes bilen meşgullanýan Sünbüleler üçin.Saglyk taýdan fewral amatly aý bolar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Fewralda intuisiýaňyza gulak asyň dogry ýoly hut şol görkezer. Bu aý aýratyn-da soňky döwürde özüni birneme ýitiren, kabul eden kararlaryna şübhelenen Mizanlar üçin aňsat bolmaz. Maksatlaryňyzy kesgitläp bilersiňiz, ýöne olara ýetip biljekdigiňize ilkinji döwürde ynanmazlygyňyz mümkin. Ilkinji ädimleri hiç kim bilen maslahatlaşman ätmeli bolarsyňyz. Ilkinji üstünliklerden soň özüňize bolan ynam artar.Iş ugrunda üýtgeşmeler bolup biler. Wakalaryň nä derejede tiz ösüşi siziň hereketleriňize bagly bolar. Amatly depgini saýlap, kararlaryňyzy pikirlenmäge wagt tapyň. Bu diňe iş däl, maliýe meselelerine hem degişlidir. Bar serişdeleri dogry paýlap, girdejini nädip artdyrmalydygyny anyklap bilersiňiz. Ýöne meýilnama düzmek üçin wagt gerek bolar.Şahsy gatnaşyklarda sazlaşyk höküm sürer. Fewral köne gatnaşyklary dikeltmek üçin amatlydyr. Duýgular sowamadyk bolsa, olara täze mümkinçilik berip bilersiňiz. Täze söýgi gatnaşyklarynyň başlanmagy hem mümkin.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Fewral çynlakaý çemeleşmegi talap eder. Bu aý size gymmatly tejribe we peýdaly maglumat getirer. Ýöne kynçylyklary ýeňmek aňsat bolmaz, aýratyn-da diňe öz güýjüne bil baglamaga öwrenen Akraplar üçin. Kä ýagdaýlarda diňe öz güýjüňiz ýeterlik bolmaz, goldaw soramaly bolarsyňyz. Kime ýüz tutmalydygyny, näme teklip etmelidigini oýlanmaly bolarsyňyz.Täze tanyşlyklar durmuşa başgaça nazar salmaga kömek eder. Hünär, maliýe we hatda ýaşaýyş garaýyşlaryňyzy hem täzeden seljermäge mümkinçilik döreder.
Hünär üstünlikleri öwrenmäge taýýar bolanlara garaşýar. Aýyň ahyrynda şahsy gatnaşyklarda dartgynlyk bolup biler.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Fewral giň manyda okuw aýydyr. Täze bilimler bilen birlikde çuň üýtgeşmeler hem bolup biler. Öň kyn ýa-da gyzyksyz ýaly görünen zatlary öwrenmek islegi peýda bolar.Işe bolan garaýyş üýtgäp biler we has jogapkärçilikli çemeleşip başlarsyňyz. Başda beýlekiler muny düşünmez, ýöne aýyň ahyrynda hemmeler siziň umumy bähbit üçin zähmet çekýändigiňize göz ýetirerler.Ilkinji ýarymda artykmaç çykdajylardan saklanmak maslahat berilýär. Ikinji ýarym bolsa maliýe taýdan üstünlikli bolar: garaşylmadyk girdejiler ýa-da täze girdeji çeşmesi peýda bolup biler.Şahsy gatnaşyklarda fewralyň başy dartgynly bolup biler, sebäbi hereketleriňiziň sebäbi hemmä düşnükli bolmaz. Ikinji ýarymda ýagdaý gowulaşar.Saglyk taýdan fewral güýç toplamak we dikeldiş döwri bolar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Fewralyň başyndaky ýeňil çemeleşmeňiz iş we şahsy gatnaşyklarda kynçylyk döredip biler. Käbirleri sizi tankytlap biler.Aýyň ortasynda meýilnamalaryňyzy täzeden düzüp, möhüm işlere çynlakaý girişersiňiz. Şahsy gatnaşyklarda hem möhüm oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Fewralyň ahyry üstünlikli tamamlanar, maliýe girdejileri hem mümkin.Saglygyňyza üns beriň, aşa ýüklenmeden saklanyň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Fewralyň ilkinji ýarymynda adaty bolmadyk wakalar bolup biler. Hünär ösüşine ymtylýan Daluwlar üçin karýera mümkinçilikleri açylar. Ýöne ädimme-ädim hereket etmeli bolarsyňyz.Ikinji ýarym durnukly bolar. Köne meýilnamalary amala aşyrmak mümkinçiligi dörär. Täze hyzmatdaşlyklar we gatnaşyklary başlanmagy mümkin. Intuisiýaňyza ynanyň.Käbir meýilleşdirilmedik çykdajylar bolup biler, ýöne aýyň ahyrynda maliýe ýagdaýy durnuklaşar.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Fewralda energiýaňyz ýokary bolar. Siz has işjeň bolup, jogapkärçiligi öz üstüňize alarsyňyz. Maksatlaryňyza ýetmek üçin güýç sarp etmeli bolarsyňyz.Şeýle hem hünär taýdan özüňizi görkezmek üçin amatly döwürdir. Täze işe geçen ýa-da karýerada ýokarlanan Hutlar üstünlik gazanarlar.Aýyň ahyrynda şahsy gatnaşyklarda oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Geljek baradaky meýilnamalar anyklaşar.Saglyk taýdan fewral amatlydyr, ýöne berk dietalara ýa-da duýdansyz durmuş üýtgeşmelerine başlamazlyk maslahat berilýär. Ähli zady kem-kemden üýtgediň.
