JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bellenilişi ýaly, Hans Klýuge hormatly Prezidentimizi şu ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegi hem-de Arkalaşygyň giňişliginde saglygy goramagyň ýyly diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýrekden gutlady.

Şeýle hem BSSG-niň ýokary derejeli wekili Türkmenistanyň Prezidentine “Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi hem-de diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin” atly sylagy gowşurdy.

Duşuşgyň barşynda Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giň ugurda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hans Klýuge Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialoga gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Related posts

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Narendra Modini doglan güni bilen gutladylar

OSCE Seminar on mass media started in Ashgabat

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Walentina Matwiýenko bilen telefon söhbetdeşligi