SPORT

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” hüjümçisi Kristiano Ronaldo toparyň duşuşyklaryna gatnaşyp başlady. Saud Arabystanynyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň duşuşygynda “Al-Nasr” topary “Al-Fatehden” 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Portugalýaly hüjümçi oýnuň 18-nji minutunda Sadio Maneniň beren pasyndan peýdalanyp, gol geçirdi.

Bu oýun Ronaldonyň 30-njy ýanwarda “Al-Nasryň” myhmançylykda “Al-Holud” topary bilen geçiren duşuşygyndan soňra meýdança täzeden dolanyp geldi.

Portugalýaly ýyldyz milli çempionatyň iki oýnuny we Aziýanyň Çempionlar ligasynyň bir duşuşygyny goýberdi.

“A Bola” gazetiniň maglumatyna görä, futbolçy Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasynyň kluby dolandyryşyndan, aýratyn-da şol bir guramanyň garamagyndaky beýleki bäsdeşleri bilen deňeşdireniňde närazydygy üçin oýunlara gatnaşmakdan boýun gaçyrypdy.

41 ýaşyndaky Ronaldo Çempionlar ligasynyň 5 gezek ýeňijisi, Ýewropa çempiony, Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisi, şeýle hem milli ýygyndylaryň, Ýewropa çempionatlarynyň, Çempionlar ligasynyň we klublar arasyndaky dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçysydyr.

Portugalýaly futbolçy bäş gezek “Altyn top” baýragyna mynasyp boldy. Futbolçy 2022-nji ýylyň dekabrynda “Al-Nasra” geçdi. Ol karýerasy dowamynda Portugalýanyň “Sporting”, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted”, Italiýanyň “Ýuwentus” we Ispaniýanyň “Real Madrid” toparlarynda hem oýnady.

“Al-Nasr” topary 52 utuk bilen Saud Arabystanynyň çempionatynda 2-nji orunda barýar. Topar liderlik edýän “Al-Hilal” toparyndan 1 utuk yzda galýar.

Geljek hepde 18-nji fewralda “Al-Nasr” topary AFK-II Çempionlar ligasynyň çäklerinde 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda “Arkadag” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi