BIZNES

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Doganlyk ýurdumyz Türkmenistan bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarymyz her ýyl ösýär. Geçen ýyl özara söwdanyň möçberi 2,2 milliard dollara ýetdi we iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek babatda öňde goýan wezipelerine ýetmek üçin ähli güýjümiz bilen işleýäris – diýip, Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Aşgabatda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatda geçirilýän sergisiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi.

– Biz Türkmenistanyň infrastrukturasyna, ykdysady ösüşine we döwrebaplaşdyrylmagyna, şeýle hem potratçylyk pudagynda senagata goşýan goşantlarymyz bilen buýsanýarys. Bu babatda doganlyk ýurdumyz Türkmenistana minnetdarlyk bildirýäris. – diýip, bellän söwda ministri häzirki güne çenli 1,156 milliard dollarlyk taslamalar üstünlikli tamamlanandygyny, häzirki wagtda energetika, saglygy goraýyş we himiýa pudaklarynda möhüm taslamalar dowam edýändigini belledi.

– Şol bir wagtyň özünde türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda maýa goýumlary 310 million dollardan geçýär. Hyzmat pudagynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi ýyllyk 180 million dollara deňdir – diýip ministr belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler

Türkmenistanyň 3 bankynyň maddy-tehniki binýady kämilleşdiriler

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler