Aşgabatda geçiriljek AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda «Arkadag» we «Al-Nasr» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda metbugat maslahaty geçiriler. Oňa “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy.
“Arkadag” futbol topary – türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi” atly metbugat maslahaty 9-njy fewralda Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçiriler. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar.
Maslahatda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport bardaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparowyň, Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň sport habarçylary Baku Erwiniň, Natalia Donediň, Hytaýyň “CCTV-5” sport teleýaýlymynyň halkara sport ýaryşlaryny teswirleýjisi Ýang Şenginiň, “Mir-24” teleýaýlymynyň sport habarçysy Georgiý Karpowyň, Azerbaýjanyň “Idman TV” teleýaýlymynyň sport habarçysy Alakbarli Faridiň, Türkiýäniň “TRT Spor” teleýaýlymynyň sport habarçysy Ýylmaz Ýasiniň çykyş etmegine garaşylýar.
AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň çäginde geçiriljek «Arkadag» ― «Al-Nassr» duşuşygyna az wagt galdy. 11-nji fewralda geçiriljek duşuşyk Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler.
Iri sport toplumynyň ― Olimpiýa şäherçesiniň çägindäki Merkezi Aziýanyň iň iri stadiony. Dünýä futbolynyň Kristiano Ronaldo, Sadio Mane, Kingsli Koman, Žoao Feliks, Marselo Brozowiç, Inýigo Martinez ýaly ady bilen ýaýdandyrýan ýyldyzlaryny özünde jemlän bäsdeşimiz hem duşuşyklaryny 25 müň orunlyk stadionda geçirýär. Türkmenistan bolsa öz myhmanlaryna tas iki esse köp sygymly stadion bilen gujak açýar.
