Yslamabatda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Jarnama gol çekdiler.
Tokaýew Pakistanyň Gazagystan üçin Günorta Aziýada möhüm we ygtybarly hyzmatdaşdygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, täze jarnama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze tapgyryny açýar.
Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryna, maýa goýumlaryna hem-de ulag taýdan özara baglanyşyga aýratyn üns berildi. Gazagystanyň Gündogar bilen Günbataryň, şeýle hem Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda strategik ýerleşişini peýdalanyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen utgaşyklykda logistika we ulag taslamalaryny ösdürmegi maksat edinýändigi bellenildi.
Şeýle hem Gazagystanyň “Falcon EuroBus” kompaniýasy Pakistana 600 sany elektroawtobus iberer. Bu barada Yslamabatda geçirilen “Gazagystan – Pakistan” işewürlik forumynyň dowamynda ylalaşyk gazanyldy.
Gazagystan Respublikasynyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň habar bermegine görä, ilkinji ibermeler şu ýylyň aprel aýynda başlanar diýlip meýilleşdirilýär, täjirçilik şertnamasynyň umumy bahasy bolsa 108 million ABŞ dollaryna deňdir.
Habar berlişine görä, 2027–2028-nji ýyllara çenli Pakistana eksport edilýän elektroawtobuslaryň möçberi 2 müň birlige çenli artdyrylyp bilner.
Bellenilişi ýaly, “Gazagystan – Pakistan” işewürlik forumy Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Pakistana döwlet saparynyň çäklerinde geçirildi. Mundna başga-da, bu forumda Gazagystan bilen Pakistan umumy bahasy takmynan 200 million ABŞ dollaryna deň bolan 32 sany täjirçilik ylalaşyklaryna we şertnamalara gol çekdiler.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Pakistana döwlet sapary tamamlandy we bu saparyň yzysüre 5-6-njy fewralda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Pakistanda döwlet saparynda bolar.
