BIZNES

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

2026-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda bellenildi.

Bellenilişi ýaly, bu sergä gatnaşmaga isleg bildiren Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýy hasaba alyndy. Bu kompaniýalar enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş we sowadyş ulgamlaryny, himiki serişdeleri, demir we elektron harytlary beýleki önümleri öndürijiler we eksport edijiler bolup durýarlar. Şeýle hem gurluşyk, energetika, logistika, bilim we beýleki ulgamlarda iş alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini we bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görmegi we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär