BILIM

Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Nogaýewiň hem-de Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň Hünär ugrukdyryş we ösüş departamentiň direktory, filosofiýa ylymlarynyň doktory (PhD) A.Naýmanbaýewiň we doktorant A.Mergenbaýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy çaltlaşdyrylan tertipde talyp wizalaryny berer

Türkmenistan we Finlýandiýa sanly özgertme babatda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Talyplara tölegsiz esasda okamak ýeňilligi