BILIM

Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherde umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri bu çözgüdi oňlap, daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglaryny halkara görkezijilerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermelidigini belledi. Şeýle hem bu mekdebiň ýaşlary bakalawr, magistratura ýaly ugurlara ugrukdyrmakda ýöriteleşdirilen mekdep bolmalydygyny aýratyn nygtady.

Bu mekdebi tamamlan okuwçylar öz saýlan hünäriniň eýesi bolmakda uly mümkinçilige eýe bolarlar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmegi, dünýä ylmyna aralaşmagy bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine täsirini ýetirer. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri degerli maslahatlaryny berdi hem-de hemmeleri täze ýyl bilen gutlap, kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” Garward uniwersitetiniň kitaphana katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gyrgyzstanda 12 ýyllyk mekdebi gutarandygyny tassyklaýan ilkinji şahadatnamalar 2029-njy ýylda berler

Türkiýede mugt okasyň gelýärmi ? “Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kitap gowşuryş dabarasy

FLEX bäsleşigi 2026-2027 barada maglumat

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw maksatnamasy!