Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz hemişe sazlaşykly bolman biler. Ata-enäňiz ýa-da uly ýaşly garyndaşlaryňyz bilen düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy ähtimal. Siz öz pikirleriňizi goramak we dogrulygyňyzy subut etmek islärsiňiz.Şeýle hem dostlaryňyz bilen aragatnaşykda ownuk düşünişmezlikler bolup biler, emma siz olary tiz wagtda anyklap, ýagdaýy gowşadyp bilersiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu gün Sowurlar üçin öýde bolmak has amatlydyr. Ýalňyz galmak ýa-da diňe ýakyn adamlaryňyz bilen wagt geçirmek oňaýly täsir eder. Daş-töwerek bilen işjeň aragatnaşykda bolmak ownuk düşünişmezliklere we göwnüçökgünlige getirip biler. Öý işleri ýa-da kitap okamak ruhy durnuklylygy saklamaga kömek eder.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün Jöwzalar üçin sözde we hereketde seresap bolmak zerurdyr. Artykmaç bilesigelijilik ýa-da ýerliksiz degişme dawa-jenjeliň döremegine sebäp bolup biler. Gatnaşyklaryňyzyň bozulmazlygy üçin aýdylýan sözlere aýratyn üns bermek, şeýle hem başgalara hormat goýmak maslahat berilýär.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlaryň pikirleri bu gün maliýe meseleleri bilen bagly bolup biler. Pul ýagdaýy bilen bagly aladalar ruhy dartgynlyga getirip biler, şonuň üçin negatiw pikirlerden daşlaşmak zerurdyr. Maliýe ýetmezçiligi wagtlaýyn ýagdaý bolup, muny aşa dramatizirlemek maslahat berilmeýär.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Bu gün Esetler öz maksatlaryna doly üns berip, daş-töwerekdäkileriň pikirlerine kän ähmiýet bermän bilerler. Emma daş töwerekdäki maslahatlar käwagt peýdaly bolup bilýändigini hem ýatdan çykarmaly däl.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Bu gün Sünbüleleriň rehim-şepagatlylygy güýçlenýär. Käbir adamlar bu ýagdaýdan peýdalanmaga synanyşyp bilerler. Şonuň üçin kömek soralanda ýagdaýy sowukkanly seljermek, duýgulara aşa berilmezlik maslahat berilýär.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Bu gün birneme aladaly geçer. Kä wagtlar işleriň köplügi sebäpli ähli zada ýetişmek üçin howlukmaly bolarsyňyz, beýleki wagtlarda bolsa daş-töweregiňizdäkileriň beren wadalarynyň ýerine ýetirilmegine garaşmaly bolarsyňyz. Güniň ikinji ýarymynda maliýe ýagdaýyňyzy gowulandyrmak üçin mümkinçilikler dörär.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün Akraplar ownuk meseleleri aşa ulaldyp kabul edip bilerler. Möhüm däl zatlara wagty we güýji sarp etmezlik üçin ýagdaýlara has paýhasly baha bermek zerurdyr. Ünsüňizi esasy maksatlardan sowmazlyk maslahat berilýär.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün Kowuslaryň duýgulary olaryň gündelik işine güýçli täsir edip biler. Günüň netijesi saýlanan işiň häsiýetine bagly bolar. Peýdaly işe gönükdirilen güýç üstünlik getirip biler, emma boş gürrüňler we gaharly ýagdaýlar gatnaşyklary bozup biler.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Bu gün Jediler üçin çylşyrymly gün bolar. Kiçijik nägilelik hem içki dartgynlylygy güýçlendirip biler. Ruhy deňagramlylygy saklamak üçin ýagdaýlara has obýektiw garamak maslahat berilýär.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Bu gün Daluwlar üçin möhüm we jogapkärli işlerden daşda durmak maslahat berilýär. Adaty gündelik işler bilen meşgullanmak işjeňligi ýokarlandyrar. Pikirleniş ukyby güýçlenip, üns jemlemek aňsatlaşar. Daşky täsirlerden daşlaşmak oňaýly bolar.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu gün Hutlar sabyrlylygy talap edýän işlerde üstünlik gazanarlar. Okuw, resminama taýýarlamak we meýilnama düzmek ýaly ugurlar oňyn netije berer. Emma emosional ýagdaý birneme dartgynly bolup biler, şonuň üçin duýgulayňyzy dolandyrmak maslahat berilýär.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
