BIZNES

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara sergileriň tertibini yglan etdi. Täze ýylda ýurdumyzda «Turkmentravel – 2026», şeýle hem “Türkmen-Hytaý” işewürlik forumy we sergisi ýaly ykdysady gözden geçirmeler geçiriler.

Sergileriň sanawy şeýle:

10–12 fewral — Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi
17–19 mart — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň maslahaty
18 mart — «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy
14–16 aprel — «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty
28–30 aprel — Türkmen-Hytaý işewürlik forumy we sergisi
12–14 maý — «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi
24–25 maý — «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisi
04–06 iýun — «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi maslahaty
19–22 awgust — «Kids Expo: çagalar üçin ähli zat» atly halkara sergi ýarmarkasy
17–19 sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi
01–30 oktýabr — Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF)
10–12 oktýabr — «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty
21–23 oktýabr — «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahaty we halkara sergisi
03–05 noýabr — «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisi we maslahaty
24–26 noýabr — «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahaty we sergisi hem-de «Türkmentel – 2026» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär