DÜNÝÄ

Tramp Tokaýew we Mirziýoýewi G20 sammitine çagyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Truth Social” platformasyndaky habarynda Gazagystanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirendigini mälim etdi.

Trampyň bellemegine görä, gepleşikleriň dowamynda dowam edýän gapma-garşylyklarda parahatçylygy gazanmak meseleleri, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky söwda we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşyldy. ABŞ-nyň Prezidenti iki döwlet bilen hem «örän gowy» gatnaşyklarynyň bardygyny nygtady.

Mundan başga-da, Tramp Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň geljek ýyl Maýami şäherinde G20 sammitini kabul etjekdigini belläp, bu möhüm çärä myhman hökmünde iki lideri hem çagyrjakdyklaryny aýtdy.

Related posts

Türkmenistan BMG-niň ÝYK-niň wise başlyklygyna saýlandy

Yabancı şirketlerden Türkmenistan’a büyük ilgi

vepa

Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Hytaýda saparda bolarlar