Şu ýyl her bir türkmenistanly üçin mukaddes hasaplanýan şanly senä — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalaryň biri boldy.
12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda we 2025-nji ýylyň 21-nji martynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň Baş Assambleýa tarapyndan gaýtadan kabul edilmegi ýurdumyzyň ynamly alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.
Bitaraplygy BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji döwlet bolmak bilen, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik usullarynyň ähli gurallaryny ulanyp, ägirt uly parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge girişdi.
Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty ulag-aragatnaşyk, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylyk, Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak ugurlaryny öz içine alýan dürli ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem gönükdirilendir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmaga, halklardyr döwletleriň özboluşly medeniýetlerine, däp-dessurlaryna hormat goýmak arkaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, bu ugurda halk diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän möhüm durmuş-ykdysady özgertmeler medeni syýasata hem oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistan BMG-niň möhüm Kararnamalarynyň awtory hökmünde çykyş etmek bilen, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek başlangyjyny öňe sürdi. Munuň özi parahatçylyk döredijilikli dialogy ilerletmekde medeniýetiň ähmiýetini açyp görkezýär. Medeni diplomatiýanyň esasy guraly onuň döwletiň halkara medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagydyr. Köp sanly döwletleriň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz, teatr festiwallary, ylmy maslahatlardyr forumlar bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň bir bölegidir.
Türkmenistan taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak ugrunda netijeli işleri dowam etdirip, bu ugurda daşary ýurtlaryň medeni mirasy öwrenmek we gorap saklamak babatda iş alyp barýan ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, ylalaşyklaryň esasynda bilelikdäki arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi maksat edinýär. Bu ugurda ýurdumyzyň muzeýlerine hem uly orun degişlidir. Şunuň bilen bir hatarda, muzeýleriň ylmy-barlag işleriniň netijeliligini artdyrmak, ylmy taslamalary, seýrek tapyndylar baradaky ylmy habarlary halkara jemgyýetçilikde wagyz etmek, kitaphanalaryň we muzeýleriň daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň çägini giňeltmek meýilleşdirilýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini ählumumy möçberli waka hem-de halkara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin amatly mümkinçilik hökmünde görýär. Şanly senä bagyşlanyp geçirilen dürli çäreler syýasy, parahatçylyk garaýyşlaryny, parahatçylygy döretmegiň esas goýujy ýörelgeleri hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň amaly ugurlaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga ähli döwletlere çakylyk hem-de çagyryş bolup durýar.
Enegül Ballyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.
