JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň uçary Aşgabat Halkara howa menziline gelip gondy we goňşy döwletiň Baştutanynyň Türkmenistana sapary başlandy. Hormatly myhmany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow garşylady.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabatda iri halkara foruma, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän beýleki dabaraly çärelere gatnaşar.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada sapary däp bolan dostluk, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan özbek-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklaýar.

Related posts

Putin Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul eder

Demiryolları AŞ kuruldu

vepa

Russiýanyň ilçihanasyndan Türkmenistana minnetdarlyk