JEMGYÝET

Putin 11-12-nji dekabrda Türkmenistanda saparda bolar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 2025-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda saparda bolar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Kreml köşgüniň habar bermegine görä, Wladimir Putin Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geler.

Forumyň çäklerinde Wladimir Putin foruma gatnaşýan daşary ýurtly liderler bilen ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Related posts

Halk Maslahatynyň Başlygy Saud Arabystany Patyşalygynyň Emiri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emiri bilen gepleşikleri geçirdi

Üns beriň, bäsleşik!

Ata Watan Eserleri