JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti 9 ýurtda saparda boldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Özbegistan Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.

Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna we Owganystana saparlary boldy.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana amala aşyran 770 sapary, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran 1 müň 226 sapary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 548-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň 2 müň 649-sy guraldy.

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 227 resminama bilen ýetirildi.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri