DÜNÝÄ

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşigi wiza düzgünini ýeňilleşdirer

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Antoniu Koşta Akordadaky duşuşykda wiza düzgünini ýeňilleşdirmek boýunça ylalaşyga gelmäge taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Tokaýew we Koşta ulag we logistika, sanlylaşdyrma, energetika, möhüm minerallar, oba hojalygy hem-de beýleki strategik ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Tokaýew Koştanyň saparynyň ähmiýetini belläp, onuň Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky giňeldilen hyzmatdaşlyk barada baglaşylan şertnamanyň 10 ýyllygyna gabat gelýändigini nygtady.

Gazagystanyň Prezidenti ýurtda esasy pudaklarda işleýän 4 müňden gowrak ýewropa kompaniýasynyň işjeň gatnaşygyna ýokary baha berdi, şeýle hem ýewropa işewürligi üçin durnukly hem-de açyk maýa goýum şertlerini üpjün etmäge taýýardygyny tassyklady.

Koşta ÝB-niň Gazagystan bilen köp ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belläp, ýurduň sebitiň howpsuzlygyny üpjün etmekde, Ýewropany Kawkaz we Gara deňzi üsti bilen birleşdirýän TransHazar ulag geçelgesini ösdürmekde strategik ähmiýete eýedigini nygtady.

Taraplar bilim we ynsanperwer hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berdiler. Şeýle hem ÝB-niň maksatnamalarynyň netijesinde 5 müňden gowrak gazagystanly talyplaryň we mugallymlaryň Ýewropa ýurtlarynda bilim almaga we tejribe geçmäge mümkinçilik alandygy bellenildi.

Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Antoniu Koşta Gazagystanyň ýokary döwlet sylaglarynyň biri bolan I derejeli “Dostluk” ordeni bilen sylaglandy.

Ýene-de okaň

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar