BIZNES

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Hytaýyň Daşary ýurtlarda ösüş assosiasiýasy (CODA), «Talwas Ýoly» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de «Oguz Forum&Expo» bölümçesiniň goldaw bermeginde, 2026-njy ýylyň 28-30-njy apreli aralygynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri» atly türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny geçirer.

Forum işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly gurşawy döretmäge gönükdirilendir. Esasy ugurlaryň biri senagat we önümçilik hyzmatdaşlygy bolar, bu bolsa gurluşyk, energetika, uglewodorod çykarmak senagaty, ulag we logistika, oba hojalyk pudagy, innowasiýalar we IT, ýeňil we agyr senagat, awtoulag hem-de döwrebap önümçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ýaly pudaklary öz içine alar.

Çäräniň maksatnamasynda oba hojalyk pudagynyň ösüşine we azyk howpsuzlygyna uly orun berilýär. Bu ýerde hasyllylyga we ekologik durnuklylyga ýardam berýän ösümlikçiligiň innowasion usullary we sanly tehnologiýalar hödürlener. Forumyň aýratyn bir bölegi ulag we logistika integrasiýasyna bagyşlanar. Türkmenistan özüniň halkara ulag ugurlaryndaky möhüm halka hökmünde mümkinçiliklerini görkezer, şol sanda gatnaşyjylar multimodel ulag koridorlaryny ösdürmek, logistika düzümini güýçlendirmek we sebitleriň arasyndaky arabaglanyşygy ýokarlandyrmak boýunça taslamalar bilen tanşyp bilerler.

Garaşylýan çäräniň täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary tanyşdyrmak we ikitaraplaýyn ykdysady gepleşikleri güýçlendirmek üçin ýokary derejeli halkara platforma bolmagyna garaşylýar. Gatnaşyjylaryň arasynda Hytaýyň iň uly assosiasiýalarynyň prezidentleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem dürli pudaklardan 500-e golaý wekiliň bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa forumyň gerimini we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin strategik ähmiýetini nygtaýar.

Ýene-de okaň

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy

Türkmenistan “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” 3-nji ykdysady forumyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Katar söwda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirer