BIZNES

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, Özbegistana gazak dänesiniň iberilişiniň artandygy bellenilýär diýip, “Kazinform” agentligi habar berýär.

«Gazagystan demirýoly» edarasynyň maglumatlaryna görä,  2025-nji ýylyň sentýabryndan 27-nji noýabryna çenli 3,1 million tonna däne daşaldy.

Gazagystanyň dänesiniň Özbegistana iberilişi 32,8% ýokarlandy (1 066 müň tonnadan 1 416 müň tonna çenli), Gyrgyzystana iberiliş bolsa iki esse artdy (44 müň tonnadan 90 müň tonna çenli), Owganystana eksport 28,8% ýokarlandy (139 müň tonnadan 179 müň tonna çenli).

Belläp geçsek, ozal habar berlişi ýaly, Gazagystan Respublikasynyň hökümeti däne eksportyny goldamak üçin goşmaça ýedi milliard tenge berdi. Bu serişdeler Döwlet tarapyndan hereket edýän ulag harajatlaryny ýeňilleşdirmek maksatnamasy boýunça borçnamalaryň doly ýerine ýetirilmegine, şeýle hem ileri tutulýan daşary ýurt bazarlaryna eksporty höweslendirmäge gönükdiriler.

Şu ýylda ulag çykdajylaryny ýeňilleşdirmek üçin hökümetiň ätiýaçlyk gaznasyndan eýýäm 31 milliard tenge gönükdirildi. Bu serişdeler gazak önümleriniň täze eksport ugurlaryna çykmagyna mümkinçilik berdi.

Ýene-de okaň

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy

Türkmenistan “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” 3-nji ykdysady forumyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Katar söwda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirer

Türkmenistan-Gazagystan: özara söwdanyň möçberi 1 milliard dollara ýetiriler