SPORT

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Agyr atletika boýunça Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen 6-njy halkara Fajr kubogynda ildeşlerimiz üstünlikli çykyş edip, ýokary netijäni görkezdiler. 7 döwletden 40-a golaý türgeni özünde jemlän ýaryşdan türkmenistanly agyr atletikaçylar altyn medallaryň 10-sy, bir sany kümüş we 5 sany bürünç medal bilen dolanyp geldiler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ildeşlerimizden başga-da, Eýranyň, Täjigistanyň, Şri-Lankanyň, Owganystanyň, Saud Arabystanynyň we Yragyň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň gatnaşan ýaryşynda käbir türgenlerimiziň üç altyn medal gazanandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şolaryň biri hem ýaryşyň iň ýeňil agram derejesi bolan 60 kilograma çenli derejedir. Bu derejede milli ýygyndymyza wekilçilik eden Seýitjan Mirzaýew agyrlygy silterläp götermekde 124, itekläp götermekde 150, iki görnüşiň jemi boýunça 274 kilogramlyk sepgide ýetip, üç altyn medalyň eýesi boldy.

25 ýaşly agyr atletikaçy Bunýod Raşidow hem Tährandan üç altyn medal bilen dolanyp gelen türgenlerimiziň biridir. Ol 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, agyrlygy galdyrmagyň birinji görnüşinde 150, ikinji görnüşinde 165, umumylykda bolsa 315 kilogramlyk netije görkezdi.

79 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Gaýgysyz Töräýew ştangany itekläp galdyrmakda 187, iki görnüşiň jeminde 332 kilogramlyk netijeler bilen hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Gaýgysyz silterläp galdyrmakda 145 kilogramlyk netije bilen bürünç medal gazandy.

88 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşda silterläp galdyrmakda Galkan Rahmanow 145 kilogramlyk netije bilen üçünji orny eýelän bolsa, itekläp galdyrmakda bu basgançaga 176 kilogramlyk netije bilen Ramazan Töräýew çykdy. Iki görnüşiň jeminde bolsa Ramazanyň görkezijisi Galkanyňkydan bir kilogram (316 kilogram) ýokary bolup, ol bürünç medal gazandy. Rüstem Annaberdiýew 94 kilograma çenli agram derejede silterläp götermek (160 kilogram) boýunça bürünç medala mynasyp boldy.

110 kilograma çenli agramda çykyş eden Döwranbek Hasanbaýew ýaryşda silterläp galdyrmakda 185 kilogramlyk netije bilen altyn, itekläp galdyrmakda (202 kilogram) kümüş, iki görnüşiň jemi boýunça (387 kilogram) altyn medala mynasyp boldy.

Şeýlelikde, ildeşlerimiz halkara ýaryşda jemi 16 medal gazandylar. Ýer eýeleri — eýranly türgenler 23 medal gazanan hem bolsa, olaryň altyn medallarynyň sany biziň ildeşlerimiziňkiden bir medal az. Toparlaýyn hasapda üçünji orny eýelän özbek ýygyndysy bolsa ýaryşy altyn medallaryň bäşisi, kümüş medallaryň sekizisi we iki sany bürünç medal bilen jemledi.

Ýene-de okaň

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy