Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, paýtagtymyzda taýýarlyk işleri, hususan-da, şäheriň esasy medeniýet ojaklarynda, şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçiriljek ýerlerinde Täze ýyl arçalaryny bezemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnaljak Baş arçany, onuň daş-töweregini bezemek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglylykda, Aşgabatda bezeg işlerini geçirmegiň, Täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny amala aşyrmak, göçme söwda nokatlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
