DÜNÝÄ

Italiýada Türkmenistanyň ylmy wekiliýetiniň gatnaşmagynda möhüm senelere bagyşlanan çäreler geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Italiýa Respublikasynda ýerleşýän Palasso Walentini köşgünde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Italiýanyň Aziýa institutynyň (ISIA) bilelikde gurnamagynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy. Maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň italýan dilindäki täze neşiriniň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.

Maslahata diplomatlar, döwlet guramalarynyň we Italiýanyň ylym-bilim ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirow, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Ilçisi T.Kömekow, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň orunbasary H.Durdyýew, şeýle hem italýan tarapdan ISIA-nyň Prezidenti M.Morgoni, ISIA-nyň Baş sekretary D.Palmiýeri, Kapitoliýa ýygnagynyň geňeşçisi F.Santori, Medeniýet, ylym we bilim meseleleri boýunça deputat I.Mansi çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistanyň üç onýyllygyň dowamynda içeri we daşary syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat edýän hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary hem beýan edildi.

Maslahatda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyň wajyplygyna hem aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle hem çykyşlarda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hem orun berildi. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň italýan dilinde neşir edilmegi iki ýurduň arasynda üstünlikli ynsanperwer hyzmatdaşlygyň alamatyna öwrülendigi bellenildi. Bu ýygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleriniň maslahat bermeginde Italiýanyň gündogarşynas alymlary tarapyndan terjime edilen 130 goşgy girdi.

 

Şol gün türkmen wekiliýetiniň Rim şäheriniň Medeni miras bölüminiň ýolbaşçysy Klaudio Parizi Presiççe, Italiýanyň Senatynyň Bilim we medeni miras boýunça hemişelik komissiýasynyň senatory Françesko Werduççi, şeýle hem Italiýanyň Uniwersitetler we ylmy barlaglar ministrliginiň Ylym we innowasiýalar ministriniň birinji orunbasary doktor Janluiji Konsoli bilen duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda halkara guramalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, syýasy-diplomatik, ylmy-medeniýet we söwda-ykdysady ugurlarda gatnaşyklaryň giňeldilmegi boýunça mundan beýläkki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň oktýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bir gün öň, Italiýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Akwasparta şäherine baryp gördi. Şäheriň häkimi Jowanni Montani wekiliýeti mähirli garşylady.

Türkmen wekiliýeti Ýewropanyň ilkinji ylymlar akademiýalarynyň biri bolan Linçei akademiýasynyň dörän ýeri – Palazzo Çezä baryp gördi hem-de Italiýanyň öňdebaryjy medeniýet we ylym merkezleriniň biri bilen tanyşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirow Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygy barada gürrüň berdi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şäheriň häkimi Jowanni Montani türkmen tarapyny matematika we fizika ugurlary boýunça dünýäniň görnükli alymlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän her ýylky maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Öz gezeginde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirow şäher häkimini Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän halkara maslahatyna çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly maslahata we sergä gatnaşdy

Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygyndan möhüm bildiriş

Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada şygryýet we sazly çäre geçirildi

Dohada hökümetara türkmen-katar toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda zenanlar dialogynyň jemýleji mejlisine gatnaşdy