DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Gambiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gambiýa Respublikasynyň daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky gambiýalylaryň işleri boýunça ministri Sering Modu Njaýyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Gambiýa Respublikasynyň Wise-prezidenti Muhammed Jallowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşandygy nygtaldy.

Taraplar işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyň guramaçylygyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Hazarda bekre balyklaryň tutulmagy babatda çözgüt kabul edildi

BMG-de täze Baş sekretary saýlamak işi başlandy

Er-Riýad şäherinde UNIDO-nyň Global senagat sammiti açyldy

Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasy geçirildi

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler