Soňky 5 ýylyň dowamynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň möçberi 4 esse artydy. Bu barada Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen giňişleýin düzümdäki gepleşiklerde aýtdy diýip, “Kazinform” agentliginiň habarçysy habar berdi.
— Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, hormatly wekiliýet agzalary, men Siziň döwlet saparyňyza aýratyn ähmiýet berýärin. Bu saparyň maksady döwletara gatnaşyklarymyzyň köpugurly ugruny täze hil derejesine çykarmakdan ybarat. Gazagystan bilen Türkmenistan müňýyllyklara uzap gidýän dostlugy, goňşuçylyk gatnaşyklaryny, umumy medeni we taryhy gymmatlyklary esas edinip, strategiýa taýdan hyzmatdaşlygyň ruhunda berk we sazlaşykly gatnaşyk gurdy. Biz bu gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek üçin mundan beýläk hem ähli tagallalary ederis — diýip, gazak Lideri belledi.
— Biz köpugurly düzümleriň we mehanizmleriň çäginde netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Sebit we halkara gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça umumy we meňzeş garaýyşlara eýe. Biziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň häzirki meselelerini özara gepleşiklerimizde jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk — diýip, Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.
Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine esasy üns bermegi ylalaşdylar. Prezidentiň aýtmagyna görä, bäş ýylyň dowamynda özara söwda möçberi 4 esse artdy hem-de häzirki wagtda ýarym milliard dollardan geçdi. Üstümizdäki ýylda hem oňyn görkezijiler saklanyp galýar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna türkmen paýly takmynan 140 kompaniýa möhüm goşant goşýar. Gazagystanyň Türkmenistanynyň ykdysadyýetine goýan maýa goýumlarynyň möçberi 120 million dollardan geçdi.
— Gazagystanyň Hökümetine iki ýurduň telekeçiligine zerur goldaw bermek tabşyryldy. Şol bir wagtda, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygymyzy has giňeltmek üçin uly mümkinçilikler saklanyp galýar. Senagat, ulag, logistika we beýleki ugurlar boýunça birnäçe taslama durmuşa geçirilýär. Energetika ugry, hususan-da, gaz pudagy boýunça hyzmatdaşlygymyz depginli ösýär. Biz bu meseleleri şu gün ara ara alyp maslahatlaşdyk, pikirimçe, ýene-de bu mowzuga dolanarys — diýip, gazak Lideri belledi.
