JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanunlar kabul edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty geçirildi.

Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmelere laýyklykda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan möhüm kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Maslahatda «Wirtual aktiwler hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň, «Gazagystan  Respublikasynyň, Gyrgyz  Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk  hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze 2026-njy ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydyklary barada kesgitlän wezipelerinden ugur alyp, deputatlaryň alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda öňde durýan işler kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

“Makul habar” elektron gazeti (43-sany)

Türkmenistanyň Mejlisinde 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetine garaldy

Oguljahan Atabaýewa Bütindünýä çagalar güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri