Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň konsultatiw duşuşyklary formatyna goşulmagy, ýurduň syýasy abraýy nazara alnanda, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň dünýä arenasynda jogapkärli, netijeli hyzmatdaşlar hökmünde ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.
“Report” agentliginiň habar bermegine görä, bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe iberen hatynda beýan edilýär.
“Şu ýylyň awgust aýynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň teklibi bilen Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary konsultatiw duşuşygynyň gurnalmagy meniň üçin aýratyn buýsançdyr. Hut şol duşuşykda Türkmenistan Azerbaýjanyň konsultatiw duşuşyklaryna doly hukukly agza hökmünde goşulmagy baradaky teklibini öňe sürdi. Şeýlelikde Azerbaýjan bu formatyň möhüm gatnaşýjylarynyň biri bolup, doganlyk halklar maşgalasy bilen gatnaşyklaryny we köpugurly integrasiýasyny has-da berkidipdi. Bu başlangyç Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri tarapyndan Daşkentde doly goldanyldy we bilelikdäki gülläp ösüşimize tarap möhüm hem-de uly geljegi bolan ädim bolandygyny uly hoşallyk bilen belleýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
“Siziň ýurduňyzyň syýasy abraýyny, ägirt uly tebigy serişdelerini, senagat we tehnologik mümkinçiliklerini, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünliklerini göz öňünde tutanymyzda, Azerbaýjanyň konsultatiw duşuşyklary formatyna goşulmagynyň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýakynlaşmagynda möhüm element boljakdygyna berk ynanýaryn. Mundan başga-da, bu häzirki zaman sebit we halkara ösüşine işjeň gatnaşmak üçin güýçli itergi berer, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň dünýä arenasynda jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde ornuny ýokarlandyrmaga hyzmat eder” diýip, hatda bellenilýär.
