DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy

Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça Ministri Nasser Burita Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy.

Geçirilen dabaranyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk hem geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi M.Işangulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI adyna ýollan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Öz gezeginde, Ministr N.Burita ýetirilen mähirli salamlar we hoşniýetli arzuwlar üçin çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de Marokkonyň Patyşasy Muhammet VI adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamlary we hoşniýetli arzuwlary ýetirmegi haýyş etdi.

Mundan başga-da, duşuşykda Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy