JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýdy

Özbegistanda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen bilelikde «Ýangi Özbegistan» seýilgähine baryp, Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýdy.

Toplum bilen tanyşdyrylyş wagtynda Türkmenistanyň Prezidentine bu seýilgäh toplumynyň konsepsiýasy we arhitektura çözgütleri barada giňişleýin maglumat berildi.

«Ýangi Özbegistan» seýilgähiniň we Garaşsyzlyk ýadygärliginiň gurluşygy Özbegistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guruldy.

Ýokary derejeli myhmanlaryň hem-de daşary ýurtlardan gelen resmi wekiliýetleriň sapary dowamynda bina gül goýmak asylly däbe öwrüldi.

Related posts

Türkmenistan bilen daşary ýurt hyzmatdaşlary ulag babatda ylalaşyklara gol çekişdi

2022-nji ýylda 3 million düýp bag ekiler

vepa

Türkmenistan’ın yetiştirdiği en büyük halterci: Altymyrat Orazdurdyyev

vepa