JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşgy boldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, duşuşykda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu maslahatyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasy üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Bilşimiz ýaly, awgust aýynda bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýadaky iň iri forumy – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary üstünlige beslenip geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ugurlaryň giň toplumy barada pikir alşyldy. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy.

Dekabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek zenanlaryň we çagalaryň hukuklary boýunça halkara maslahaty hem bu ugurda möhüm çäre bolar.

Birleşen Milletler Guramasy uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär. Bilelikde birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi we hyzmatdaşlygy mundan beýlek-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

35 çapyksuwaryň gatnaşmagynda «Amul-Hazar» atly ýörişi geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini bedew baýramy bilen gutlady

Rustam Minnihanow: Tatarystan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde Russiýanyň esasy merkezi

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi