DÜNÝÄ

Garibabadi: Hazarýaka sebitleriň häkimleriniň sammiti sebitleýin hyzmatdaşlygy berkider

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň hukuk we halkara meseleleri boýunça orunbasary, şeýle hem Eýranyň Hazar deňzi baradaky ýörite wekili Kazem Garibabadi Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka welaýatlaryň häkimleriniň ilkinji sammitiniň geçirilmegini sebitleýin gatnaşyklaryň berkemegine gönükdirilen möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdi.

Onuň aýtmagyna görä, Hazarýaka sebitleriň wekilleriniň gatnaşmagy Hazar deňzi basseýninde ykdysady, ulag we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Forumyň çäginde üç mowzuk boýunça panel mejlisleri geçiriler:

* «Ykdysadyýet, maýa goýumlar we sebitleýin ösüş»,
* «Üstaşyr, logistika we “Demirgazyk–Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek»,
* «Ekologiýa, balykçylyk we Hazar deňziniň ekosistemasyny dikeltmek».

Hazarýaka sebitleriň häkimleriniň ilkinji sammiti noýabryň 27–28-ne aralygynda Gilýan welaýatynyň Reşt şäherinde welaýat administrasiýasynyň howandarlygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi