JEMGYÝET

CIET 2025: Türkmenistan daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşdy

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatynyň (CIET 2025) “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji güni birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi bilen bellendi.

Türkmenistanyň Energetika Ministrligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi BAE-niň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Germaniýanyň kompaniýalary bilen ähtnamalar baglaşyp, Türkmenistanyň senagat toplumyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, sanly özgertmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga we çuňňur gaýtadan işlenen önümleriň hasabyna eksporty diwersifikasiýalaşdyrmaga ygrarlydygyny görkezdi. .


Energetika

Türkmenistanyň Energetika Ministrligi aşakdaky resminamalary baglaşdy:

  • “Invatix Solutions FZ-LLC” (BAE) bilen özara düşünişmek hakynda ähtnama: Resminama energetika pudagynyň sanly özgertmesine ýol açýar. Innowasion we sanly çözgütler boýunça ýöriteleşen emirlik kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk, elektrik beketleriniň we paýlaýjy torlaryň işini optimize etmek üçin “akylly” hasaba alyş we elektrik torlaryny dolandyryş ulgamlaryny, şeýle hem öňdebaryjy IT-çözgütlerini ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.
  • “Sumitomo Corporation” (Ýaponiýa) bilen Çarçuwaly ylalaşyk: Üns elektrik üpjünçiliginiň bökdençsizligine gönükdirilýär. Ýapon ägirdi üýtgäp durýan howaly sebitlerde heläkçilikleriň esasy sebäpleriniň biri bolan howa elektrik geçiriji (EGP) liniýalarynda buz emele gelmeginiň öňüni almak üçin örän wajyp bolan ýöriteleşdirilen enjamlary getirer.

Himiýa senagaty

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Ýaponiýanyň we Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen birden üç sany Özara düşünişmek hakynda memoranduma gol çekip, öz halkara hyzmatdaşlygyny ep-esli giňeltdi.

  • “Kawasaki Heavy Industries, LTD” (Ýaponiýa) bilen ähtnama: Ylalaşyk himiýa önümçiliginiň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hereket edýän kärhanalaryň birinde artykmaç tehnologiki ýylylygy peýdaly energiýa öwürmäge mümkinçilik berjek utilizasiýa ediji bug gazanyny getirmek we çalşyrmak göz öňünde tutulýar.
  • “WUHUAN Engineering Co., LTD” we “China CAMC Engineering Co., LTD” (CAMCE) (HHR) bilen ähtnamalar: Iki resminama-da himiýa senagatyny we gazhimiýa pudagyny ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlygy berkidýär. Inžiniring we gurluşykda uly tejribesi bolan Hytaý kompaniýalary tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek we dünýä bazarynda isleg bildirilýän himiýa önümlerini öndürmek boýunça strategiki taslamalary durmuşa geçirmekde esasy hyzmatdaşlar hökmünde görülýär.

Gurluşyk pudagy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi aýna we sement pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen üç sany resminamany Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen baglaşdy:

  • “Zippe Industrieanlagen GmbH” bilen ähtnama: Hyzmatdaşlyk çig maly taýýarlamak we şyhtany garyşdyrmak pudagyndaky tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly aýna kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.
  • “Horn Glass Industries AG” bilen ähtnama: Ylalaşyk bar bolan kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmak, innowasion, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we gurluşyk pudagy üçin aýna önümleriniň görnüşlerini giňeltmek üçin mümkinçilikleri açýar.
  • “KHD Humboldt Wedag International AG” bilen ähtnama: Sement senagatynyň tehnologiýalary boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýa hereket edýän zawodlary döwrebaplaşdyrmakda, täze kuwwatlyklary gurmakda we energiýa netijeli we pes uglerodly sement hem-de klinker önümçiligini üpjün edýän öňdebaryjy nemes tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaş bolar.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar