JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyn görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabatynda häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy esasynda döwlet Baştutanymyzyň Waşington şäherine ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek we “Merkezi Aziýa – ABŞ” sammitine gatnaşmak maksady bilen boljak iş saparyna taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi.

Amerikada geçiriljek sammit bolsa, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň 6-njy noýabrynda Waşingtonda boljak “Merkezi Aziýa – ABŞ” sammitine gatnaşmaga çagyrypdy.

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy