SPORT

«Arkadag» topary bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

Arkadag şäheriniň adybir  «Arkadag» futbol kluby bassry üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy.

“Arkadag” topary bu abraýa 23-nji tapgyryň çäginde paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Ahal” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykanyndan soň mynasyp boldy. Topara ýeňiş getiren topy oýnuň 68-nji minutynda Didar Durdyýew öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, «Arkadag» kluby «Altyn Asyr» bilen aratapawudy 26 utuga ýetirip, wagtyndan öň çempionlygyny gazandy.
2023-nji ýylda esaslandyrylan «Arkadag» futbol kluby özüniň ilkinji möwsüminde Türkmenstanyň çempiony bolmagy hem-de ýurduň Kubogyny eýelemegi başarypdy. Şonuň üçin hem, bu topar Aziýa yklymynyň klublarynyň arasydaky üçünji derejeli ýaryşa — AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Geçen möwsüm bolsa ýurdumyzyň çäginde gazanan kuboklarynyň üstüni AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky gazanan ýeňşi bilen ýetirdi.

 

23-nji tapgyryň duşuşyklary:

 “Ahal” – “Arkadag” – 0:1

Gol: 68 Didar Durdyýew (“Arkadag”)

Duýduryşlar: 48 Gurbangeldi Garajaýew, 54 Mekan Muhammedow, 55 Bäşim Gurbanberdiýew, 64 Begenç Mämiýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” st. (Aşgabat ş. )

Duşuşygyň emini: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Weliýew (Änew ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Hajypolatow (Balkanabat ş.)

 

 “Merw” – “Köpetdag” – 2:2

Gollar: 37 Kemal Annamuhammedow, 73 Mukam Nazzyýew (“Merw”) – 70 Daýanç Meredow, 90+1 Orazmuhammet Işangulyýew (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 60 Hajymuhammet Orazow (“Merw”) – 89 Orazmuhammet Işangulyýew, 90+5 Emir Berdiýew (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Merw” st. (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), U.Atamyradow (Änew ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

 

 “Şagadam” – “Aşgabat” – 2:1

Gollar: 46 Mekan Aşyrow, 90+8 Ionel Kosofana (“Şagadam”) – 33 Pirmyrat Sultanow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 84 Ruslan Priýew (“Şagadam”) – 84 Mergen Nurlyýew, 90+3 Ysmaýyl Nyýazberdiýew (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” st. (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: A.Begnazarow (Mary ş.)

Kömekçi eminler: H.Amanmämmedow (Balkanabat ş.), Ş.Ýusupow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Berenow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

 

Çempionatyň tablisasy: 

T/b Toparlar O Ý D U T U
1.   «Arkadag» FK 22 22 0 0 89-13 66
2.  «Altyn Asyr» FK 22 12 4 6 38-26 40
3.  «Şagadam» FK 22 11 6 5 27-25 39
4.  «Ahal» FK 20 11 3 6 35-20 36
5. «Nebitçi» FK 21 6 5 10 16-29 23
6. «Aşgabat» FK 23 5 3 15 18-48 18
7.  «Merw» FK 22 2 6 14 11-35 12
8.  «Köpetdag» FK 22 2 5 15 15-53 11

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri