DÜNÝÄ

Bahreýniň we Kuweýtiň daşary işler ministrleri bilen telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bahreýn Patyşalygynyň daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid Al-Zaýaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.

Ministrler iki döwletiň arasynda halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

****

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuweýt Döwletiniň daşary işler ministri Abdalla Ali Al-Ýahýa telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtadylar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ministrler BMG-niň hem-de beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Taraplar, şeýle hem, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm halkara çäre – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk babatda pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy