DÜNÝÄ

Orhan Zeýnalow: Azerbaýjan Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyna taýýar

Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT 2025) atly XXX halkara maslahatynda Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeýnalow çykyş edip, nebit-gaz pudagynyň strategik ähmiýetini we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada belläp geçdi.

Orhan Zeýnalow çykyşynda soňky 30 ýylyň dowamynda dünýä energetika ulgamynda uly üýtgeşmeleriň bolup geçendigini belläp, alternatiw energiýa çeşmeleriniň ösmegine garamazdan, olaryň adaty energiýa serişdelerini doly çalyşman, diňe olary doldurýandygyny aýtdy. Şu nukdaýnazardan, Azerbaýjanyň gaz senagaty strategik ähmiýete eýedir diýip, ol nygtady.

Energetika ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýändigini hem belledi. Onuň bellemegine görä, energetika hyzmatdaşlygy TransHazar geçelgesiniň durmuşa geçirilmegine ýol açýar.

Orhan Zeýnalow çykyşynyň dowamynda aýratynlykda “ýaşyl energetikanyň” ösdürilmegi we täze eksport ugurlarynyň döredilmegi barada-da durup geçdi. Onuň bellemegine görä, Azerbaýjan häzirki wagtda Gün we ýel energiýasy boýunça birnäçe taslamalaryň gurluşygyny tamamlap, “Azerbaýjan–Türkiýe–Ýewropa ýaşyl geçelgesini döretmek ugrunda işler alyp barýar. Bu geçelge arassa energiýanyň eksporty üçin möhüm köpri hökmünde garalýar.
Çykyşynyň çäklerinde Orhan Zeýnalow sebitiň ajaýyp geljegine ynam bildirdi we Türkmenistan bilen tebigy gaz hem-de “ýaşyl” energetika ugurlarynda ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy