BILIM

Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty “Times Higher Education” reýtingine goşuldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty “Times Higher Education” dünýä uniwersitetiniň reýtingine 2026-njy ýyl üçin «reporter» derejesinde goşuldy.

Institutyň bu reýtinge goşulmagy Ýokary bilimi bahalandyrmagyň halkara ülňüleri bilen gyzyklanmasyny we halkara akademiki giňişliginde abraýyny ösdürmäge ygrarlylygymyzy görkezýär.

“Times Higher Education” dünýä uniwersitetiniň reýtingi Ýokary okuw mekdepleriniň netijeliligini dünýä derejesinde bahalandyrýan öňdebaryjy reýtingleriň biri bolup, ol okuw, ylmy-barlag we halkara hyzmatdaşlyk ýaly ugurlary öz içine alýar.

Institutymyz halkara ülňülere laýyk gelýän öndürüjilikli ylmy işlerini we akademiki mümkinçiliklerini kämilleşdirmek ugrunda işlerini dowam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmen Nakyllary Amerikada Iňlis dilinde neşir edildi

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň açylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistan bilen “Huawei” emeli aň we IT boýunça hünärmenleri taýýarlar

Hytaýly mugallymlar Türkmenistanyň 3 ýokary okuw mekdebinde işleýärler

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary