BILIM

Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Ähtnamalara gol çekildi

“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň dowamynda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama”, “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga” we “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ankara Sosial bilimler uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek dabaralary geçirildi.

Dabaralarda bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk arkaly ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp hünärmenleri taýýarlamakda uly orna eýe bolýar. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir.

Ýene-de okaň

Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi

ELS maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler