Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnamanyň taslamasy hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki dünýä, yklym we sebit derejesinde hereket edýän halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, tebigaty goramaga, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen tekliplerini durmuşa geçirmekde bu abraýly düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň milli bähbitlerini ilerletmek we bu ulgamlarda netijeli işleri geçirmek bilen baglylykda, halkara guramalaryň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalaryny döretmegiň möhümdigi bellenildi. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara guramalaryň 54-siniň agzasy bolup durýar. Şolaryň 19-synda Türkmenistanyň hemişelik wekilleri resmi taýdan bellenildi.
Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň işiniň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ugurdaş kanunlaryň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda taýýarlanylyp, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge ýardam bermäge, ýurdumyzyň olaryň çäklerindäki işlerini utgaşdyrmaga gönükdirilendir.
Düzgünnama Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalarynyň işini we ygtyýarlyklaryny, beýleki degişli meseleleri düzgünleşdirýär. Şeýle hem onda hemişelik wekilhanalaryň işiniň esaslarydyr maksatlary kesgitlenilýär. Şolaryň hatarynda degişli halkara guramalarda resmi döwletara gatnaşyklary saklamak, Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen ulgamlaýyn esasda gatnaşyklary saklamak bilen baglanyşykly wezipeler bar.
Mundan başga-da, resminamada hukuk we guramaçylyk meseleleri kesgitlenilýär, hemişelik wekiliň statusy, ileri tutulýan wezipeleridir ygtyýarlyklary bilen bagly kadalaşdyryjy düzgünler beýan edilýär.