JEMGYÝET

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Azerbaýjanyň Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammiti geçirildi. Sammitiň yzysüre, wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bilelikde teleköpri arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew dabarany açyk diýip yglan edip, Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin hoşallyk sözleri bilen çykyş etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözläp, Fizuli şäherinde guruljak metjidiň türkmen-azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Dabara metjidiň düýbüniň tutuljak ýerinden göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň müftüleri Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdiler.

Metjidiň umumy meýdany 1 gektardan gowrak bolar. Beýikligi 40 metr bolan 2 sany minara gurlar. Esasy gümmeziniň beýikligi 30 metr bolup, bu ýerde bir wagtda 500 adam namaz okamak mümkinçiligine eýe bolar.

Bu metjit “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlar.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady