JEMGYÝET

Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasy soňky ýyllarda dünýä futbolynyň öňdebaryjy şahsyýetleriniň biri, üç gezek Dünýä çempionatyna gatnaşan, 2006-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň ýeňijisi we Italiýanyň ýygyndysynyň öňki kapitany Fabio Kannawaro bilen şertnama baglaşdy.

Assosiasiýanyň maglumatyna görä, italýan hünärmeni milli ýygyndyny ABŞ-da, Kanada-da we Meksika-da geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna taýýarlar.

F. Kannawaronyň tälimçilik toparyna şular girdi:

Eugenio Albarellabaş türgeniň kömekçisi (Ýaponiýanyň ýygyndysy, “Ýuwentus“, “Udineze” we “Dinamo Zagreb” klublary bilen işledi);

Françesko Troizefiziki taýýarlyk boýunça türgen (“Benewento“, “Udineze” we “Dinamo Zagreb” toparlary bilen işledi);

Antonio Kimentiderwezeçileriň türgeni (Italiýanyň ýaşlar ýygyndysy, “Sampdoria” we “SPAL” toparlary bilen işledi).

KANNAWARO BARADA…

Öňki italýan futbol ýyldyzy Fabio Kannawaro futbolyň taryhyndaky iň güýçli goragçylaryň biri hökmünde bellidir. 2006-njy ýylda Italiýanyň ýygyndysynyň düzüminde ol dünýä çempiony boldy we futbol dünýäsindäki iň abraýly baýrak bolan “Altyn topa” eýe boldy.

Kannawaro 12 ýyllyk tälimçilik işiniň dowamynda italýan hünärmeni bäş ýurtda, şol sanda Hytaýyň “Guangzhou” we “Tianjin“, Saud Arabystanynyň “Al-Nasr“, Italiýanyň “Benewento” we “Udinese“, şeýle hem Zagrebiň “Dinamo” klublarynda tälimçilik etdi. Ýeke-täk üstünligi 2019-njy ýyldaGuangzhou” bilen Hytaý çempionlygyny gazanmagy boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri